15

ÖŇDEBARYJY ZEHINLI ÝAŞLAR SYLAGLANDY

image


   2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly. Şu ýylyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylyklarynda döwlet derejesinde halkara çäreleriň birnäçesi ýurdumyzda uly derejelerde gurnalyp geçirilýär.

   Ynha ýaňy- ýakynda şeýle halkara döwlet çäresi bolup geçdi. Her ýylda ýaş zehinli suratkeşleri ýüze çykarmak maksady bilen türksoý guramasynyň gurnamagynda döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Ynha şu ýyl biziň hemmämiziň bilişimiz ýaly Hormatly Prezidentimiziň ýörite karary bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymynasybetli “Änew – 2024 Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen.

   Türksoý guramasyna agza bolan döwletleriň zehinli çagalarynyň arasynda yglan edilen surat bäsleşigine Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň göreldeli zehinli ýaş suratkeşleri hem gatnaşdylar. Ýaş zehinli okuwçylarmyz dürli berlen temalar boýunça kompozisiýa eserlerini döretdiler. Döredilen eserlerde mähriban watanmyzy, asuda diýarymyzy şöhratly taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy inçelik bilen wasp etdiler. Güneşli topragymyzyň ýyly öwüşginli reňkleri her bir okuwçynyň döreden kompozisiýa eserlerinde diýsen ýyly duýulýar.



   Şekillendiriş sungatyna höwesek ýaşlarymyzyň bu saparky gatnaşan döredijilik bäsleşige hem diýseň şowly we üstünlikli boldy. Bu bäsleşikde baýrakly ikinji oran kümüş medalyna 2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň uçurumy Gülnabat Annanurowa mynasyp boldy. Şeýle hem bu bäsleşige işjeň gatnaşan bäş sany mekdebimiziň okuwçylaryna, öňdebaryjy ýaşlarymyza türksoý guramasynyň ýörite hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp parahat ýurdumyzda ýaşamaga, halal döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun. Il-ýurt bähbitli belent başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin.