Pyragynyň pentleri – nesillere ýörelge
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň bilelikde guramagynda “Pyragynyň pentleri ‑ nesillere ýörelge” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ady äleme dolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, ýurdumyzda halkara derejesinde giňden dabaralandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda halkymyzyň asyllylyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny nesilden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we wagyz etmek arkaly ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, ynsaplylyk ýaly häsýetleri terbiýelemek ugrunda uly tagallalaryň edilýändigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli şahsyýeti we Gündogaryň beýik akyldary Magtynguly Pyragy adamzat kalbyny arzuw-umytlara besleýän ajaýyp eserleri bilen ýürekde müdümilik orun alan şahyrdygy, çünki şahyryň durmuşyň ähli taraplaryny şygyrýet dünýäsine siňdiren akyldar şahyryň baý edebi mirasy bu gün kalplarda aýdym bolup belentden ýaňlanýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen geljegimize ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.