Kitap-belentlige göterýän basgançak
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Kitap belentlige göterýän basgançak” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler kitap hakyky hazyna we bilimiň açary hasaplanýandygy, adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitap her bir ynsanyň iň ýakyn syrdaşy bolup ata-babalarymyzyň öz öwüt-ündewlerinde-de, gaýtalanmajak nesihatlarynyň biri-de kitaby köp we üznüksiz okamakdyr diýip belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.