“Berkarar döwlet islärin”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezi bilen bilelikde guramagynda “Berkarar döwlet islärin” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli medeni we edebi mirasynyň dünýä ýaýylýandygyny şeýle-de, gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrülendigi hem-de nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň türkmen şygryýetiniň gymmat bahaly baýlygydygy barada beýan etdiler. Onuň şygyrlary häzirki wagt-da türkmen halkynyň bitewiligini, agzybirligini berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýanlygy hakynda bellediler. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga bolan buýsanjy, hormaty uludyr.
Berkarar döwletimizde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijilik dünýäsini içgin öwrenmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzaalkyş sözleri aýdyldy.