5

“Magtymguly” diýip, adym tutsalar”

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde “Magtymguly” diýip, adym tutsalar”  ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi.

   Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen halky üçin gymmatly hyzana bolup durýandygy hakynda beýan etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýändigi hem-de  ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan tutulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

   Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň adynyň älem ýüzünde has-da şöhratlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.