Magtymguly Pyragy – söz äleminiň zergäri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda, Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň binalar toplumynda“Magtymguly Pyragy – söz äleminiň zergäri”adybilen kitap sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň baý medenimirasyny, şöhratly taryhyny, nusgawy edebiýatyny ylmy esasynda öwrenmekde, dünýä ýaýmakda, ýaş nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýandygy we gündogar edebiýatynyň synmajak sütüni hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bu günki gündeBerkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründesarpasynyň arşa göterilýändigini uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge we ýaş nesillermize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.