7

Sarpasy belent söz ussady

image


   Aşgabat şäher  medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Sarpasy belent söz ussady” ady bilen wagyz-neshat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler akyldar şahyrymyz  Magtymguly Pyragynyň giň we çuňňur  many-mazmuna baý bolan şygyrlarynda türkmeniň asylly ýörelgelerini, millilik, agzybirlik, dost-doganlyk, watançylyk ýaly pikir garaýyşlaryň  ussatlyk bilen beýan edilýändigi, beýik şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň berkarar döwlet gurmagyny arzuw eden, ähli ynsanlary agzybirlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamaga ündän şahyr bolandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.

   Çäräniň ahyrynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi  mirasyny öwrenmek, ony dünýä tanatmakda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.