12

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap geçiren baýramçylyk

image

    

   Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Bitaraplygymyzyň 29- ýyllygyna bagyşlap  Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi “Arkaç” söwda we medeni dynç alyş merkezinde baýramçylyk konsertiniň ýazgysyny geçirdiler. Baýramçylyk çykyşynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň  “Şowhun”  hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň Halkara Bitaraplygymyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýaňlandy, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň  Hemişelik Bitaraplygymyzy  wasp edip çeken suratlary  baýramçylyk dabaramyzda sergilendi. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ösüp gelýän ýaş nesillermize okamaga, öwrenmäge, döretmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Ata-babalarmyzyň arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhrady eýýamlaryň jümmüşine ýaň salsyn.