Halkyň öçmez çyragy, beýik ussat Pyragy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Halkyň öçmez çyragy, beýik ussat Pyragy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy il-ýurduny ýürekden söýen, hemişe halkyň aladasy bilen ýaşan beýik şahsyýetdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan, baý şygyrlarynda adamyň at-abraýynyň, ata-Watanynyň, il-gününiň öňünde bitirýän hyzmatyna, goýýan gadyr-gymmatyna baglydygyny ussatlyk bilen beýan etmegi, şeýle hem kämil şahsyýet, söz ussady hökmünde tanalmagynda nusgawy edebiýatymyzyň düýbüni tutan şahsyýetleriň biri Döwletmämmet Azadynyň hem hyzmatynyň uludygy barada okuwçylaryň arasynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.