5

Ýurdymyz Bitarap, parahat mekan, türkmen ili barýar toýlara bakan

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda  Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Ýurdymyz Bitarap, parahat mekan, türkmen ili barýar toýlara bakan” ady bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  Pyragynyň arzuw eden zamanasynda,  Halkara Bitaraplygymyza guwanyp ýaşaýan türkmen halkymyz bu baýramy uly şatlyk-şowhun bilen giňden belläp geçýändikleri barada gürrüň berdiler. Bütin adamzat üçin bolşy ýaly türkmen halky üçin hem parahatçylygyň, asuda durmuşyň aýratyn uly gymmatynyň bardygy, dünýäde asuda, parahat ýurtda ýaşamak her bir ynsanyň arzuwy bolup, Bitarap döwletimiz dünýä halklaryna dost-doganlyk goluny uzadyp, bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen nusgalyk işleri amala aşyrýandygy dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.

   Çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

   Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.