6

Bitaraplyk syýasaty – bagtyýar durmuşyň gözbaşy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy,  Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk syýasaty – bagtyýar durmuşyň gözbaşy” ady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramasynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi.

   Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Halkara Bitaraplygy - biziň şu günümiz we geljegimiz bolup, onda halkara gatnaşyklary ösdürmek, syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlar jemlenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ilkinji nobatda, parahatçylyk, howpsuzlyk, sagdynlyk, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilikli dünýä halklarynyň dostlugy, ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeleri baky  Bitaraplygy, ýurdumyzyň raýatlarynyň aňynda durnuklylyk, durmuş taýdan abadançylyk we ösüş ýaly düşünjeler bilen berkeýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

   Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.