Bitaraplyk baýramy – parahatlyk aýdymy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk baýramy – parahatlyk aýdymy” ady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň baky Bitaraplygy, bu biziň mizemez gymmatlygymyzdygy, Bitaraplyk syýasaty öz gözbaşyny gadymyýetiň taryhyndan we ruhy köklerinden alyp gaýdýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de goňşy döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan Garaşsyzlygy we baky Bitaraplygy, halkymyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň şöhratly geljegini nazarlaýan, beýik işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.