Bitaraplyk – parahatçylyk binýady
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk – parahatçylyk binýady” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Halkara Bitaraplyk türkmen taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazylyp, ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrýandygy, Alym Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaby türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň çelgisi bolan parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu günki gün bagtyýarlyk döwrümiziň binýady bolup dünýä dolýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary Watanmyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler we çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň her dürdäne setirinde türkmen kalbynyň parahatçylyga, saz-söhbede bolan garaýyşlaryny açyp görkezýän eserleriniň waspy belentden-belent ýaňlanmagyny arzuw etdiler.