10

Abiwerd galasy

image


   Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän gadymy şäherlerimize döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Orta asyrlarda demirgazyk Horasanyň örän möhüm şäherleriniň biri bolan gadymy Abiwerd Kaka etrabynyň çäginde ýerleşyär. Geçen asyryñ dowamynda Abiwert şäherinde alymlar käbir arheologiýa barlaglaryny, binagärlik-ölçeg işlerini geçiripdirler. Emma bu barlaglar şäheriň maddy medeniýetini doly beýan etmäge mümkinçilik bermeýär. Sebäbi bu şäheriň XV-XVIII asyrlaryň soñky döwürlerinde medeni gatlak bilen doly örtülenligi üçin onuň irki wagtynyň taryhyny kesgitlemek örän kyn. Abiwerd şäheriniň umumy meýdany 42 gektar bolup, diwarlary gönüburçluk görnüşindedir.

   Abiwerd şäherinden tapylan maddy medeniýetiň tapyndylary, ýazuw çeşmelerindäki maglumatlar, ýerleşişi we gurluşy ony ýurdumyzyň gadymy söwda-hünärmentçilik merkezleriniň biri hökmünde göz oňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Hazirki döwürde Abiwerd şäheri döwlet taryhy-medeni goraghanasy hökmünde saklanylýar.

   XIV-XV asyrlarda Abiwerd taryhçylaryñ, syýahatçylaryň ýazgylarynda kiçeñräk şäher hökmünde ýatlanylýar. Onuñ garamagynda 15 - 20 töweregi oba bolupdyr. Şäheriň ady, köplenç, Bawerd görnüşinde gabat gelyär. Bu döwürde Bawerd ýa-da Abiwerd ilki Teýmirleniň, soñra bolsa Soltan Huseýin Baýkaranyň ýer-ýurt dawasynyň çaknyşyklaryny başdan geçirmeli bolupdyr. Teýmirleňiň (emir Temiriñ) ogly Şahruh Mürze (1405 - 1447 g.) Hyrady paýtagt edinip Horasanda häkimlik sürýär. Ol ylma, medeniýete, sungata sarpa goýan adalatly adam bolupdyr. Şol döwürde ýurtda ykdysady we medeni galkynyş ýüze çykypdyr. Bu maddy we ruhy ýokary göterilişiň Abiwerde-de öz täsirini ýetirendigini duýmak bolýar.

   Taryhy çeşmelerde iň gadymy ýazuw ýadygärlik hasaplanylýan kitaplardyr ýazgylarda Abiwerd şäheriniň ady ýygy-ýygydan duş gelýär. Antik dowürde-de, Parfiýa patyşalygy zamanasynda, soňraky Seljuklar imperiýasy döwründe-de, orta asyrlarda üstünden «Ýüpek ýoly» geçen Abiwerd (ýa-da Bawerd) köp ilatly ösen şäher, birnäçe galalary özünde jemleýän merkez hökmünde ýatlanyp gelinýär. Aby Sahyt Mähneýiň kümmeti, köne Kaka galasy, Nedir şanyñ galasy we beýleki ençeme taryhy ýadygärlikler bilen bir hatarda Kaka medresesini ýatlaman geçmek bolmaz. XIX asyrda giñden meşhur bolan bu medresede biziň ýazyjy-şahyrlarymyz Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Towşan Esenowa dagy hem okap bilim alypdyrlar. «Aby-werd» mirashanasy Kaka topragyndaky taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde, rejelemekde gadymyýetiň ajaýyp nusgalaryny halkymyza ýetirýärler.

   Medeni-taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, dikeltmäge, bütin dünýä ýaýmaga bimöçber mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyñ, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemise rowaçlyklara beslensin!


Öwezemin ÖWEZOW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.