18

“Hakyda göwheri” paýhasyň altyn-zeri

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginniň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Aşgabat şäherindäki Mehaniki tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp täze eseri “Hakyda göwheri” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda halkymyz üçin ajaýyp sowgada öwrülendigi barada nygtap, bu ajaýyp eserde ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilip,  türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer ilimizi täze belentliklere ruhlandyrýandygy hakynda buýsançly beýan etdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp, dürdäne eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.