6

Hemişelik Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk

image

 

   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy, Köpetdag etrap häkimligi, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Hemişelik Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Halkara Bitaraplyk bu bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelermizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

   Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.