Baky Bitaraplyk – baky bagtymyz
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Baky Bitaraplyk – baky bagtymyz” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Halkara Bitaraplygymyz uly dünýä çykmaga, hyzmatdaşlyga giň ýol açmaga mümkinçilik berdi we ýurdumyz ynsanperwerlik gatnaşyklaryna halklaryň arasynda özara düşünüşmegiň çuňlaşmagynyň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde garaýandygyny hem-de Garaşsyz döwletimiz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýan daşary syýasaty alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.