Bitaraplyk – şygyrlaryň gözbaşy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Saýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk – şygyrlaryň gözbaşy” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülendigi, halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitde parahatçylygyň hem dostanalygyň joşgunyna beslenýän medeni-jemgyýetçilik çäreleri, türkmen halkyna baýramçylyk ruhuny paýlap, göwünleri galkyndyrýandygy barada buýsançly sözlerini beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Halkara Bitaraplygymyza esaslanýan berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny giňden dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.