3

Baky Bitaraplyk - parahatçylygyň senasy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda“Baky Bitaraplyk - parahatçylygyň senasy” ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dost‑doganlyk, parahatsöýüjilik, ynsanperwer  syýasaty bilen   ata Watanymyzy dünýä tanadandygyny hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de baky Bitaraplygyň taryhy kökleri hakynda beýan etdiler hem-de hemişelik baky Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen gutlag sözlerini beýan etdiler.

   Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini  aýtdylar.