1

Bitaraplyk - baky bagtyýarlyk

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy, Maýa Kulyýewa  adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk - baky bagtyýarlyk” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylykly ösüşlere bolan pugta ynamy, ähli halklaryň abadançylygy, ýurdumyzyň asylly ýörelgesidigi, ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işler bolsa, halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de parahatçylykly gatnaşyklara ymtylmak halklary agzybirlik, adamkärçilik ýaly beýik ýörelgelere eýerip ýaşamaga ruhlandyrýandygy barada beýan etdiler.

   Çäräniň ahyrynda halkymyzy ösüşlere sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.