Bitaraplyk diýmek parahatlykdyr, Türkmenistan baky bagtyýarlykdyr
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk diýmek parahatlykdyr, Türkmenistan baky bagtyýarlykdyr” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy biziň mizemez gymmatlygymyzdygy, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, dogruçyllyk we wepalylyk ýaly ýörelgeleri döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Bitaraplyk döwletimize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, batly gadamlar bilen beýik ösüşlere sary öňe gitmäge giň mümkinçilikleriň döredip berilýändigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini we bitewiligi ugrunda taýsyz tagallary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.