2

Türkmenistan dost - doganlyk mekany

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Türkmenistan dost - doganlyk mekany” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her bir güni toýdyr-baýramlara beslenýändigi, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolýandygy barada buýsançly sözlerini beýan etdiler.

   Çäräniň ahyrynda berkarar diýarymyzy, beýik ösüşlere, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.