Bitaraplyk - türkmen halkynyň buýsanjy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli koserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk - türkmen halkynyň buýsanjy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler binýady pähim-parasatdan tutulan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk -bu iki mukaddeslik indi köp asyrdan gowrak wagtyň içinde dünýä kartasyna sünnälenip çekilen keşde ýaly ýaşaryp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şan-şöhratyny gün-günden beýgelip, dünýä ýüzünde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň, asudalygyň we abadançylygyň nusgasyna öwrülendigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.