3

Bitaraplyk - parahatçylygyň daýanjy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli  “Bitaraplyk - parahatçylygyň daýanjy” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününi bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýalkymy bilen garşylaýan halkymyz, Hemişelik Bitaraplyk syýasaty esasynda ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ajaýyp ýörelgelerini dünýä ýaýýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Türkmenistan Watanymyzyň öňe süren dünýä ähmiýetli birnäçe möhüm başlangyçlarynyň halkara bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylmagy hem halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine hemişe ygrarlylygyny görkezýändigi barada beýan etdiler.

   Çäräň ahyrynda berkarar Diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.