Bitaraplyk dost-doganlyk ýalkymy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk dost-doganlyk ýalkymy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýylyndan bäri bu ugurda amala aşyrylan beýik işler dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde taryhy sene bolandygyny, türkmen halky parahatsöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly bolmak bilen bu günki gün dünýä giňişliginde öz ornuny berkitýändigini, türkmenler ilkinji nobatda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň özara bähbitli bolmagyna uly ähmiýet berip, dünýä ýüzünde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna uly itergi berýändigini giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.