Bitaraplyk, parahatçylygyň we abadançylygyň ýörelgeleri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk, parahatçylygyň we abadançylygyň ýörelgeleri” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Bitaraplyk baýramyny uly dabara bilen belläp, ajaýyp türkmen halky parahatçylygyň, asuda durmuşyň aýratyn uly gymmatynyň bardygyny, dünýäde parahat, asuda ýurtda ýaşamak her bir ynsan üçin iň uly bagtdygy barada gürrüň berdiler. Türkmenistan Bitaraplyk, dost-doganlyk, hoşniýetli-hyzmatdaşlyk syýasaty bilen dünýä çykandygy, Bitarap döwletimiz dünýä halklaryna dost-doganlyk goluny uzadyp, bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen nusgalyk işleri amala aşyrýandygy dogrusynda belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Baky Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.