Bitaraplyk – abadan durmuşyň binýady
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgi we 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Medeniýet köşgünde “Bitaraplyk –abadan durmuşyň binýady” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, asudalygy berkitmek, hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün etmek, işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täzeçil itergi bermek babatda giň tagallalary edýändikleri, Bitarap Türkmenistan ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň Halkara Bitaraplygy sebitde hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýändigi, hut şonuň üçin hem, Hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedigi barada giňişleýin gürrüň berildi. Çäräniň dowamynda baýramçylyga bagyşlap kitap sergisi gurnaldy.
Çäräniň ahyrynda dünýä nusgalyk işleri bitirýän, baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleri üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.