5

Bitaraplyk - parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni  mynasybetli “Bitaraplyk-parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy” ady bilen wagyz - nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler ýurdumyzda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty bütin dünýäde belent mertebä mynasypdygy, Halkara Bitaraplygyň nuryny jahana ýaýýan Türkmenistan sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy merkez, umumyadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwlet we dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara syýasy, ykdysady  we medeni gatnaşyklaryň işjeň agzasyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. 

   Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşadýan, ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegine uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.