Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy il-ýurduny ýürekden söýen, hemişe halkyň aladasy bilen ýaşan beýik şahsyýetdigi, ol pähim-paýhasa baý şygyrlarynda adamyň at-abraýynyň, ata Watanynyň, il-gününiň öňünde bitirýän hyzmatyna, goýýan gadyr-gymmatyna baglydygyny ussatlyk bilen beýan etmegi başarandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň tutuş adamzat bähbitli ýörelgesi diňe bir ýaşan döwründe ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ähli eýýamlar üçinem gymmatly hazyna hasaplanýandygy, şahyryň umman deýin giň, köptaraply döredijiliginde adamlarda oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynyň uly orun tutýanlygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Magtyymguly Pyragynyň edebi-mirasyny içgin öwrenmek, onuň döredijiligini dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.