Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Aşgabat” myhmanhanasynda geçirilen Ýüpek ýolunyň hazar wolga geçelgesi: 3 sewitleýin maslahatynda“Türkmenistan – beýik ýüpek ýolunyň ýüregi”ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.
Geçirilen maslahatda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi we edilen çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymlara geçelge bolandygyny aýratyn bellediler.
Gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserleri we ýazjy-şahyrlarymyzyň birnäçe kitaplary ýerleşdirildi, bu bolsa maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi we ýakymly täsir galdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.