4

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – nesillere nesihat

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, 31-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – nesillere nesihat” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetiniň örän uludygy, bu kitapda asyrlaryň jümmüşindan gaýdýan taryhymyz, dünýä nusgalyk ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz hakyndaky ähli maglumatlaryň jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda ata Watanymyza ene topragymyza, şöhratly taryhymyza, asylly ýol-ýörelgelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň belent nusgasyny has-da aýdyň beýan edilýändigi barada belläp geçdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.