Milli mirasyň şuglasy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Milli mirasyň şuglasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkymyz milli mirasymyza uly sarpa goýan köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda milli mirasymyzy, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda uly tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary milli gymmatlyklardan döräp, kämilleşip, sungat derejesine ýetirilip, türkmen gözelliginiň, ruhubelentliginiň, şahandazlygynyň, milliliginiň owadan taraplary milli däp-dessurlarymyzda, millilige ýugrulan ýörelgelermizde jemlenendigi barada belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.