“Hakyda göwheri” paýhasyň altyn zeri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň binalar toplumynda “Hakyda göwheri” paýhasyň altyn zeri” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Milli Lidermiziň “Hakyda göwheri” atly täze eserinde parasatly pikirlerini öz içine alýan, buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä açyşlarymyzyň bardygyna ünsümizi çekýän kitapdygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda şöhratly pederlerimiziň taryhyny, dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny çuňňur özleşdirmekde bolşy ýaly, milli ylym ulgamynda aýratyn ähmiýeti bolan eser hökmünde ykrar edilýändigi hakynda gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!