0

Magtymguly dana şahyr, sözleri dürdäne şahyr

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Magtymguly dana şahyr, sözleri dürdäne şahyr” ady bilen gürrüňdeşlik  geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy  - öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyrjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup durýandygy barada belläp geçdiler. 

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda Akyldar şahyryň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.