“Hoş geldiň, täze ýyl, biziň illere!”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Herrikgala, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň gurnamagynda “Hoş geldiň, täze ýyl, biziň illere!” ady bilen medeni çäre geçirildi. Çärede mähriban halkymyzyň Täze ýyl baýramyny şatlyk-şowhun bilen bellemäge uly taýýarlyk görýän günlerinde ýurdumyzda dürli öwüşginli oýunjaklara beslenen Täze ýyl arçasynyň täsin keşbi diňe çagalarda däl, uly adamlarda hem göwün göteriji duýgulary döredýär, diýip çäräniň dowamynda bellediler. Täze ýyl üýtgeşik baýramçylyk, ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara beslenýär. Dünýäde giňden bellenilýän Täze ýyl maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerine aýdym-sazly baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.
Çäräniň ahyrynda Aşgabadyň nurana keşbine özboluşly gözellik eçilýän bezelen arçalara gözüň düşende, lezzetli duýgular kalbyňy gurşap alýar. Bu ýer dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, aýratyn hem körpeje çagalaryň iň bir arzyly künjegine öwrüldi. Şular ýaly ajaýyplyklary döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlary aýtdylar.