1

Söz äleminiň zergäri

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Söz äleminiň zergäri” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdyr-baýrama beslenýän günlerinde Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly goşgulary türkmen halkynyň taryhy, ýaşaýyş durmuşy, geçmişi bilen aýrylmaz baglanşyklydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň goşgulary her bir ynsanyň kalbyndan eriş argaç bolup geçýän, edebi mirasy bolsa häzirki döwrümizde tutuş adamzat jemgyýetini terbiýelemekde uly güýje eýe bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesini belende göterýän söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.