Täze ýylyň şatlyk – şowhuny, Bagtyýarlygyň şuglasy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Täze ýylyň şatlyk – şowhuny, Bagtyýarlygyň şuglasy” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çärede çykyş edenler täze 2025-nji ýyly ösüşdir-özgerişler, uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan ýurdumyz, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de agzybir halkymyzyň bagtly, bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan Täze ýyl baýramy asylly ýörelgeler bilen utgaşyp, has-da ýokary ruhybelentlige we şatlyk-şowhuna beslenýändigi hakynda beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýetip gelýän Täze – 2025-nji ýyl Watanymyz we halkymyz üçin parahatçylygyň, rowaçlygyň, abadançylygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolmagyny arzuw etdiler. Baky bagtyýarlygyň mekanyna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.