Täze ýylyň şowhuny, ýaň salyp dur saz bolup
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Täze ýylyň şowhuny, ýaň salyp dur saz bolup” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly - 2025-nji ýyl dur. Hemmäniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu şadyýan baýramçylygy ildeşlerimiziň ählisiniň kalbyna aýratyn ýakym, ruhybelentlik paýlaýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyz şanly wakalara, beýik zähmet üstünliklerine baý ýyllaryň biri bolup, bagtyýar zamananyň taryhynda aýratyn yz galdyrandygy, bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowlandyrmak ugrundaky özgertmeler we alnyp barylýan sazlaşykly işler bagtyýar döwrümiziň täze ösüşlerine şaýatlyk edýändigi barada buýsanç bilen beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.