Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiren baýramçylyk konserti
Taryhyň altyn sahypalaryna ýazylan ýene-de bir ýyl 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly her birimiz üçin taryhy wakalara baý, bagtly ýyllaryň biri boldy. Bu günler ählimiz Täze ýyla sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Üstümizdäki ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şan-şöhrata beslenen günlerini ýatdan çykmajak ajaýyp wakalar bilen arka atýarys. Täze ýyl täze arzuw islegleriň, maksat-myratlaryň hasyl boljak ýyly bolar.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi “Arkaç” söwda we medeni dynç alyş merkezinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk konsertini geçirdiler. Baýramçylyk çykyşynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Şowhun” hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyny wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary ýaňlandy. Goý, Täze ýylda ählimize bagt ýetirsin! Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Goý 2025-nji ýylymyz ählimize bagt we şatlyk getirsin!