Ak arzuwlara beslenip täze ýyl gelýär
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Halypa aýdymçy Jumamuhammet Akgaýewleriň maşgalasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Ak arzuwlara besleniptäze ýyl gelýär” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler her bir güni uly şatlyk-şowhuna beslenýän “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly halkymyza bagtyýarlyk eçilýän ýyllaryň biri bolandygy, ýagşy umyt arzuwlardyr belent maksatlar bilen täze 2025‑nji ýyly mynasyp garşy almaga taýýarlyk görülýän günlerinde, ak mermerli paýtagtymyz baýramçylyk donuna beslenip, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Goý, geljek täze ýylymyz hem täzeden täze üstünlikleri, rowaçlyklary, beýik başlangyçlary bilen gadam bassyn! Täze ýylyňyz gutly bolsun!