Täze ýylyň ýalkymy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Täze ýylyň ýalkymy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Täze ýyl baýramynyň şatlyk-şowhuny, ruhubelentligiň, täze arzuw-umytlaryň baýramy hasaplanylýandygy, bu baýramçylyga nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan körpeje ýaş nesillermiz bilen bir hatarda, islendik ýaşdaky adam hem garşylaýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde geçirilýän baýramçylyk dabaralary, halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, bagtyýarlygyny alamatlandyrýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy agzybir, parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.