Güneşli Diýaryma bagt getiren Täze ýyl
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Güneşli Diýaryma bagt getiren Täze ýyl” ady bilen körpeje çagalaryň arasynda baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir günümiziň toý – baýramlara, şatlykly wakalara beslenýändigi, ýurdumyzda ajaýyp baýramlaryň biri bolan Täze ýyl baýramymyzyň uludan toýlanýandygy, bezelen ýaşyl arçamyzyň täsin öwüşgünleri, Täze ýyl ak arzuwlaryň, päk niýetleriň baýramydygy, Täze ýyl baýramçylygynyň halkymyzyň agzybirlikde, abadançylykda şowhunly belleýän toý – baýramlarynyň biridigi barada gürrüň berdiler.
Baýramçylyk çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.