1

Hoş geldiň täze ýyl eziz Diýara!

image


   Aşgabat  şäher  medeniýet  müdirliginiň  Merkezleşdirilen  kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Arkaç söwda-dynç alyş merkezinde “Hoş geldiň täze ýyl eziz Diýara!” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler ýagşy umyt-arzuwlardyr belent maksatlar bilen täze 2025‑nji ýyly mynasyp garşy almaga taýýarlyk görýän günlermizde ak mermerli    paýtagtymyz baýramçylyk donuna beslenip, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň  üstünlikli amala aşýandygy  barada giňişleýin gürrüň berdiler.

   Çäräniň  ahyrynda  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak,  döwletli tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Goý, geljek täze ýylymyz hem täzeden-täze üstünlikleri, rowaçlyklary, beýik başlangyçlary bilen gadam bassyn! Täze ýylyňyz gutly bolsun!