8

Bagtly günleriň buşlugy sen, Täze ýyl!

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen   7-nji çagalar sungat mekdebiň  bilelikde guramagynda  Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Bagtly günleriň buşlugy sen, Täze ýyl!” ady bilen Medeniýet köşgünde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler  Eziz Diýarymzyň ähli künjekleri Täze ýyl baýramçylygyny uly joşgun bilen garşy alynýandygy, asuda Watanymyzda çagalaryň göwün göteriji şadyýan gülki seslerini, joşgunly aýdym-sazlaryny, uly höwes bilen ýerine ýetirýän goşgularyny diňläniňde kalbyň has-da  joşdurýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ösüşiň täze menzillerini gujagyna alyp gelýän ýene-de bir ösüşli ýylyň şanyna  baýram edilýän Täze ýyl dabaralarynyň şüweleňi uludan-kiçä baýramçylyk ruhubelentligini bagyş edýändigi, gurnalan bezemen arçalaryň, ajaýyp bezegleriň, özboluşly şekilleriň älemgoşar öwüşgenleri bolsa türkmeniň  ýakymly kalbyny alamatlandyrýandygy barada beýan etdiler.

   Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanamyzda ylym-bilim almaga, halal zähmet çekmäge, bagtyýar ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän, çagalaryň baýramçylyklary has täsirli geçirmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolmagyny arzuw etdiler. Goý, Täze ýyl ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrýan ýyllaryň biri bolsun!