81

Magtymgulynyň döredijiligi –ýaşlara terbiýe mekdebi

image

     

       Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň bilelikde  guramagynda “Magtymgulynyň döredijiligi – ýaşlara terbiýe mekdebi“ ady bilen aýdym-sazly  wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

          Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň milli buýsanjy, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda,  2024-nji ýylda  şahyryň  doglan gününiň 300 ýyllygynyň  dabaraly bellenilýändigini, bu bolsa ussat şahyra goýulýan beýik sarpadan nyşandygy hakynda  belläp geçdiler. Şeýle-de häzirki döwürde şahyryň edebi mirasyny giňden öwrenilýändigi we şygyrlarynyň her biri ýaşlar üçin terbiýe mekdebi hasaplanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdylan şirin owazly aýdymlar çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmekde  uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.