Gadamyňyz batly bolsun täze ýyl
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy, 33-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Gadamyňyz batly bolsun täze ýyl” ady bilen täze ýyl baýramçylygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Täze ýyl baýramy ruhybelentligiň, täze arzuw- umytlaryň baýramy hasaplanylýandygy barada gürrüň berdiler. Häzirki ajaýyp döwürde Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly sözleri halkymyzyň baş şygaryna öwrülendigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda, halkymyzy, asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.