“Hakyda Göwheri” - milli mirasyň buýsanjy
Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp täze eseri “Hakyda Göwheri” -milli mirasyň buýsanjy atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmişine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly, türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhy ösüşine hem uly goşant goşan, meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikir garaýyşlary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň, agzybir halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada maglumatlar giňden, täsirli beýan edilendigi, hem-de bu gymmatly eser bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljekdigi barada beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläk-de galamynyň ýiti bolmagyny, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat-dowam bolmagyny, täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.