Parahatçylyk geljege iň mukaddes mirasdyr
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatçylyk geljege iň mukaddes mirasdyr” ady bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Milli Liderimiziň başlyklygynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze sahypanyň açylandygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, şu ýylyň dowamynda halkara derejedäki çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmagyň bellenilendigi, Watanyňa guwanmak, onuň ösüşlerine goşant goşmak halkymyzyň asyrlara uzaýan milli häsiýetleri bolup, bu günki ösüşi Bitaraplyk we Garaşsyzlyk biziň her birimiz üçin egsilmez buýsanç çeşmesidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda berkarar Diýarymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete, mähriban halkymyz üçin bagtyýarlygyň, ýaşlarymyz üçin bolsa bilimler mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.