0

Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky  kitaphana şahamçasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras”  ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz - nesihat çäresi geçirildi.

   Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa  baý şygyrlarynda adamyň at-abraýynyň ata Watanyň,  il-gününiň öňünde bitirýän hyzmatyna goýýan gadyr-gymmatyna baglydygyny ussatlyk bilen beýan etmegi başarandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň tutuş adamzat  bähbitli ýörelgesi diňe bir ýaşan döwründe ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän  eýsem, ähli eýýamlar üçinem  gymmatly hazyna hasaplanýandygy, şahyryň umman deýin giň, köptaraply döredijiliginde adamlarda oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynyň uly orun tutýandygy barada belläp geçdiler.

   Çäräniň ahyrynda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan, medeni we edebi mirasymyzy wagyz etmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň  sag, ömürleriniň  uzak bolmagy,  beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.