11

Magtymguly Pyragy – nusgawy edebiýatynyň paýhas ummany

image

      

      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň guramagynda  “Magtymguly Pyragy – nusgawy edebiýatynyň paýhas ummany” ady bilen gürrüňdeşlik  geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde çykyş edenler söz mülküniň şasy, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjülik duýgusyna ýugrulan eserleri ýaşlary terbiýelemekde gymmatly hazyna bolup, akyldar şahyryň döredijiliginde  halkyň durmuşyny, edebi mirasyny açyp görkezýän şygyrlary nusgalyk ýol-ýörelge bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

     Gürrüňdeşligiň ahyrynda bizi şeýle bagtyýar zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.